“Trend” haryt nyşanly boýag önümleri bazarda uly islegden peýdalanýar.
2015-nji ýylda telekeçi Çarymyrat Şamuhammedow tarapyndan döredilen "Trend" haryt nyşanyny göterýän gurluşyk harytlary we senagat önümleri bazarda mynasyp orna eýe boldy. 7 ýyl bäri içeri we daşary üçin niýetlenen diwar boýaglaryny alyjylar tarapyndan kanagatlanma bilen sarpedilýär.
Önümler Germaniýanyň önümçilik usuly we tehnologiýalary bilen öndürilip, hil taýdan Ýewropa standartlaryna gabat gelýär. Geçirilen laboratoriýa barlaglarynyň netijesi, “Trend” boýaglarynyň hilini uzak möhlet çydamlylygy, ekologiýa taýdan arassalygy, adam saglygyna zyýansyzlygy bilen kepillendirýär.
“Ýokary hilli, öňdebaryjy we döwrebap” häsiýeti bilen alyjylaryň söýgüsini gazanmaga dowam edýän “Trend” boýaglarynyň önümçilikde durnuklylygy bolsa ýaş we işine ussat hünärmenleriň halkara tejribeleri bilen berkidilýär.
“Trend” Türkmenistanyň çäginde eýe bolan uly abraýyny daşary ýurtlara hem gönikdirmek ugrunda ençeme taslamalary alyp barýar. Geçirilen market barlaglarynyň netijesinde önümlerimiziň hili we elýeterliligi bilen sebitde tapawutlanýar. Ýakyn günlerde biz “Trend” önümlerini eksport etmek arkaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna hem goşant goşmagy maksat edinýäris.
Boýag önümçiliginde dünýäniň iň öňdebaryjy önümçilik kärhanalary bilen tejribe hyzmatdaşlygyny ýola goýmak arkaly önümçilik görnüşlerimizi has hem artdyrmak we önümlerimiziň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak biziň esasy wezipämizdir.